- dyrnak
- 1) El-aýagyň barmaklarynyň ujundaky buýnuz örtük.∙ Ilde ogluň dyrnagyna zar bolup ýörenler hem bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Men seniň arkaňy gaşaşardym welin, sen çydap bilmersiň. Meniň dyrnaklarym ösüpdir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)2) Guşuň, pişigiň we ş. m. penjesi, aýaklarynyň ujundaky ýiti buýnuz örtük.3) Dokmaçylyk Ujy togalajyk we aşagy yzyna egrelip duran nagyş.4) Gurluşyk termini Fundamentiň üstünden 50--60 santimetr beýiklikde örülýän diwar, diwaryň esasy.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem dyrnak - dyrnagy.◊ goşa dyrnak — Grammatik termin Başganyň sözüni, sitatalary, sözbaşyny, ýaňsa alynýan sözleri we ş. m. tapawutlandyrmak üçin goýulýan dyngy belgi («»).
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.